Indoneziýadaky sunamide ýogalan adamlaryň sany barha artýar

Indoneziýanyň Sunda bogazynda bolan sunami apatynda ýogalan adamlaryň sany 222-ä ýetdi

1112046
Indoneziýadaky sunamide ýogalan adamlaryň sany barha artýar

 

Milli Apat dolanşygy agentliginiň metbugat geňeşçisi Sutopo Purwo Nugroho beren beýanatynda, Sumatra we Ýawa adasynyň arasyndaky Sunda bogazynda başdan geçirilen sunami hadysasynda ýogalan adamlaryň sanynyň 222-ä ýetendigini, ýaralanan adamlaryň sanynyň bolsa 843-e ýetendigini habar berdi.

28 adamyň bolsa dereksiz ýitendigini aýdan Nugroho, sebitde 556 öýe, 9 myhmanhana we 350 gaýykdyr gämä zeper ýetendigini mälim etdi.

Häzirki wagta çenli sunamiden ejir çeken daşary ýurtly raýatyň bolmandygyny aýdan Nugroho, Pandeglang, Serang, Lampung we Tanggamus diýilen ýerleriň sunaminiň iň köp zyýan ýetiren ýerlerdendigini beýan etdi. 

Gözleg we halas ediş işleriniň dowam etmegi bilen birlikde, aragatnaşyga geçip bolmaýan ýerlerdäki ýagdaýyň näbelli bolmagynda galmagy sebäpli ýogalan adamlaryň sanynyň artmagyna alada bildirilýär. 

Sebitdäki Anak Krakatau wulkanyndaky soňky partlamalaryň sunaminiň döremegine sebäp bolandygy aýan edildi. 

Anak Krakatau wulkanynyň herekete geçmegi sebäpli sentýabr aýynda sebitde iň ýokary 2-nji derejeli duýduryş berilipdi.

28-nji sentýabrda ýurdyň Sulawesi adasyndaky Palu aýlagynda bolan 7,5 bal ululygyndaky ýer titremede we ondan soň bolan sunamide, 2 müňden gowrak adam ýogalandygy, 1500-e golaý adamyň bolsa dereksiz ýitendigi beýan edilipdi.

 


Etiketkalar: #Indoneziýa , #sunami

Degişli Habarlar