Tramp ikinji gezek Dawos forumuna gatnaşar

ABŞ-nyň Prezidentleri umuman alnanda Dawos forumyna gatnaşmaýar

1109643
Tramp ikinji gezek Dawos forumuna gatnaşar

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp geljek aý Şweýsariýanyň Dawos şäherçesinde geçiriljek Bütindünýa Ykdysadyýet forumyna gatnaşar.

Ak Tamyň metbugat geňeşçisi Sarah Elizabet Sanders metbugata beren beýanatynda Prezident Trampyň ýanwar aýynyn 22-25-i aralygynda Dawosda geçiriljek Bütindünýa Ykdysadyýet forumyna ikinji gezek gatnaşjakdygyny aýtdy.

Sanders ABŞ-nyň Gazna ministri Stewen Mnuchin, Döwlet sekretary Maýk Pompeo, Söwda ministri Wilbur Ross, Zähmet ministri Aleksander Asosta, Transport ministri Elaine Chao bilen Ak Tamyň kömekçileri Iwanka Tramp bilen birlikde uly wekiliýetiň Prezident Trampa ýoldaşlyk etjekdigini belledi.

ABŞ-nyň Prezidentleri umuman alnanda Dawos forumyna gatnaşmaýar.

Foruma Trampdan ozal 2000-njy ýylda Prezident Bill Klinton gatnaşypdy.

Her ýyl onlarja ýurduň lideriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, alymlaryň we žurnalistleriň gatnaşmagynda geçirilýän Dawos forumynda global ykdysadyýeti gyzyklandyrýan meseleler seljerilýär.



Degişli Habarlar