Parižiň howpsyzlygynyň üpjün edilmegi üçin 8 müň polis gullukçysy iş alyp barar

Makronyň beýanaty sary ýeňsizlileri kanagatlandyrmady

1107232
Parižiň howpsyzlygynyň üpjün edilmegi üçin 8 müň polis gullukçysy iş alyp barar

 

Fransiýanyň paýtagty Parižde “sary ýeňsizlileriň” şu gün geçirjek protest ýörişlerinde 8 müň polis gullukçysy iş alyp barar.

Parižiň İçeri işler müdüri Mişel Delpueh RTL radioasynda beren beýanatynda “sary ýeňsizlileriň” şu gün ýurduň çar tarapynda geçirjek ýörişleri barada maglumat berdi.

Delpueh protest ýörişlerinde howpsyzlygyň üpjün edilmegi üçin berk çäre görendiklerini belledi.

Delpueh şu gün Pariži 8 müň polis gullukçysy bilen 14 sowutly ulagyň gorajakdygyny nygtady.

Fransiýada ýangyjyň bahalarynyň ýokarlandyrylmagy we ykdysady şertleriň agyrlaşmagyna garşy 17-nji noýabrda başlan we Makronyň ýolbaşçylygyndaky fansuz hökümetine garşy gahar gazaba öwrülen “sary ýeňsizlileriň” protest ýörişleri ýurtda soňky ýyllaryň iň uly ýörişlerinden biri ýagdaýyna geldi.

Protest ýörişlerinde hazire çenli 4 adam ýogaldy, 4099 adam saklandy, müňden gowrak adam ýaralandy.

Fransuz lideri Makron “sary ýeňsizlileriň” protest ýörişleri barada duşenbe güni agşam beren beýanatynda 2019-njy ýylda iň pes alygyň 100 ýewro artdyryljakdygyny aýdypdy.

Emma Makronyň beýanaty sary ýeňsizlileri kanagatlandyrmady.



Degişli Habarlar