Moldowada Prezidentiň ygtyýarlary elinden elinden alyndy

Igor Dodonyň ygtyýarlary 2017-nji we 2018-nji ýyllarda 4 gezek elinden alynypdy

1104044
Moldowada Prezidentiň ygtyýarlary elinden elinden alyndy

Moldowanyň Ýokary kazyýeti Prezidenti Igor Dodonyň ygtyýarlaryny 5-nji gezek elinden aldy

Ýokary kazyýet “Radio we telewideniýe, howpsyzlygynyň güýçleriniň ministrler kabinetine tabyn edilmegi, 9-njy maýyň “Ýewropa güni” hökmünde bellenilip geçilmegi we Kişinewiň milli stadionynyň ýerinin ABŞ-nyň Moldowadaky ilçihanasyna berilmegi baradaky kanunlary tassyklamadyk Prezident Dodonyň ygtyýarlarynyň wagtlaýynça elinden alynmagy barada karar kabul etdi.

Şeýle halatlarda prezidentiň wezipesini wagtlaýynça mejlisiň başlygy ýa-da Moldowanyň premýer ministri ýerine ýetirýär.

Dodonyň mejlisde kabul edilen kanunlary tassyklamagy kabul etmändigi sebäpli Moldowanyň Mejlisiniň Başlygy Andrian Jandu we hökümetiň Demokrat partiýadan halk deputaty bolan agzasy Sergiu Syrbu Ýokary kazyýete ýüz tutupdy.

Prezident Dodon sosial media hasabynda karara reaksiýa bildirip, kanunlaryň döwletiň bähbidine bolmandygy sebäpli kabul etmändigini habar berdi.

Dodon bu meselede egilşik etmejekdigini nygtap; “Moldowanyň halkynyň meni goldaýandygyny bilýärin. 2019-njy ýylyň 24-nji fewralyndaky parlament saýlawyndan soň şol kanunlaryň ählisi bes ediler” diýdi.

Igor Dodonyň ygtyýarlary 2017-nji we 2018-nji ýyllarda 4 gezek elinden alynypdy.



Degişli Habarlar