Kuddusi: “Eýranda deputatlaryň ýarsy hökümetiň agdarylmagyny isleýär” diýdi

Eýranyň Mejlisiniň Maşad deputaty Jewad Kerim Kuddusi, deputatlaryň ýarsynyň hökümetiň agdarylmagyny üçin tagalla edýändigini öňe sürdi

1103296
Kuddusi: “Eýranda deputatlaryň ýarsy hökümetiň agdarylmagyny isleýär” diýdi

 

Oppozisioner Garşylyk frontyna ýakynlygy bilen tanalýan Kuddusi, Twitter hasabyndan beren beýanatynda: “Mejlisiniň 50 göterimi hökümetiň agdarylmagy üçin iş alyp barýar. 2009-njy ýyldaky pitnäniň hem maksady hökümetiň agdarylmagydy. Şu gün mejlisiň 50 göterimi perdäniň arkasynda pitne hereketine ýolbaşçylyk edýänleri goldaýar” diýip habar berdi.

Eýranda 2009-njy ýylda geçirilen saýlawlarda reformist oppozisioner lider Mir Hüseýin Musewiniň hem dalaşgärler arasynda bolan saýlawlary konserwatorlar tarapyndan goldanan Mahmud Ahmedinežad gazandy.  

Musewi saýlawlarda hile edilendigini öňe sürdi.

Bu dartgynly günleriň arasynda bolan hadysalarda resmi bolmaýan hasaba görä 100-den gowrak adam ýogalypdy.


Etiketkalar: #Eýran , #hökümet

Degişli Habarlar