Putin bilen Netanýahu Ýakyn Gündogardaky soňky wakalary ara alyp maslahatlaşdy

Putin bilen Netanýahu telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

1103030
Putin bilen Netanýahu Ýakyn Gündogardaky soňky wakalary ara alyp maslahatlaşdy

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen Ysraýylyň Premýer ministri Benýamin Netanýahu telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Kreml tarapyndan berlen beýanatda Putin bilen Netanýahunyň telefon söhbetdeşliginde Ýakyn Gündogardaky soňky wakalary ara alyp maslahatlaşandygy bellenildi.

Beýanata görä, Putine telefon eden Netanýahu Ysraýylyň ýaragly güýçleriniň Liwan serhedinde geçiren operasiýalary hakynda maglumat berdi.

Telefon söhbetdeşliginde BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň 1701 belgili kararynyň ähmiýetine ünsi çeken Putin, operasiýalarda BMG-nyň Liwandaky wagtlaýyn parahatçylyk güýji bilen birlikde hereket edilmelidigini ýatlatdy.

Siriýadaky soňky wakalary hem seljeren Putin bilen Netanýahu, Russiýa bilen Ysraýylyň arasyndaky harby hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmelidigine we iki ýurduň goranmak ministrlikleri derejesindäki bilelikdäki iş toparlarynyň arasyndaky aragatnaşygyň ähmiýetine ünsi çekdiler

 

 

 



Degişli Habarlar