Fransuz hökümeti egilşik etdi

Fransuz hökümeti ýangyjynyň bahalarynyň 2019-njy ýylda ýokarlandyrylmagy hakyndaky karardan ýüz öwrüldi

Fransuz hökümeti egilşik etdi

 

Fransiýada “sary ýeňsizlileriň” protest ýörişleri sebäpli ýangyjynyň bahalarynyň 2019-njy ýylda ýokarlandyrylmagy hakyndaky karardan ýüz öwrüldi.

Fransiýanyň Premýer ministri Edouard Fillippe düýn Milli mejlisde eden çykyşynda alym güýji bilen baglanşykly mesele çözülmän halatynda ýangyjyň bahalarynyň ýokarlandyrylmagy hakyndaky karardan ýüz öwrüp biljekdiklerini aýtdy.

Premýer ministr elektrik togunyň we tebigy gazyň ýokarlandyrylmagy hakyndaky kararyň hem 6 aý möhlet bilen saklanandygyny belledi.

Premýer ministr Edouard Fillippe “sary ýeňsizlileriň”geçiren protest ýörişlerinde başdan geçirlen wakalary asla kabul etmejekdiklerini we jogapkärleriniň jezalandyryljakdygyny ýatladypdy.

Fransiýada ýangyjyň baharlarynyň ýokarlandyrylmagyna we ykdysady şertleriň agyrlaşmagyna garşy 17-nji noýabrda başlan sary ýeňsizlileriň ýörişleri ýurtda soňky ýyllaryň iň uly protest ýörişlerinden birine öwrüldi.

Protest ýörişlerinde jemi 3-4 million ýewrolyk ýitgi çekildi.

Ýörişlerde 3 adam ýogaldy, 222-si howpsyzlyk işgäri bolmak bilen jemi 1043 adam ýaralandy, 1424 adam hem saklandy.

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar