Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazadasy ilkinji daşary ýurt saparynyň çäginde Alžire bardy

Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazadasy Muhammed Bin Salman žurnalist Jemal Kaşykçy jenaýatyndan soň guraýan ilkinji daşary ýurt saparynyň çäginde Alžire bardy

1099372
Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazadasy ilkinji daşary ýurt saparynyň çäginde Alžire bardy

Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazadasy hökmünde Alžire ilkinji saparyny guraýan Salmany, howa menzilinde Alžiriň Premýer ministri Ahmed Uýahýa garşylady.

Alžiriň döwlet radiosynyň berýän habaryna görä, Mirasdar Şazada Alžirli ýolbaşçylar bilen iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk, nebit bazarynda başdan geçirilýän soňky wakalar we Arap dünýäsini gyzyklandyrýan käbir meseleleri ara alyp maslahatlaşar.

Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazadasy Muhammed Bin Salman žurnalist Jemal Kaşykçy jenaýatyndan soň 22-nji noýbarda ilkinji daşary ýurt saparyna çykypdy we Birleşen Arap Emirliklerinde, Bahreýnde, Müsürde, Tunisde, Argentinada we Mawritaniýada saparda bolupdy.

2-nji oktýabrda resmi işleri üçin ýurdunyň Stambul şäherindäki Baş konsullygyna giren saudy žurnalist Jemal Kaşykçy konsullykda wagşylarça öldürlipdi.

 



Degişli Habarlar