Fransiýanyň Prezidenti Pariždäki protestler bilen bagly beýanat berdi

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, ýurdyň paýtagty Parižde eýýäm 2 hepde bäri dowam edýän protestleriň jogapkärleriniň edenleri sebäpli jezalandyryljakdygyny habar berdi

1098824
Fransiýanyň Prezidenti Pariždäki protestler bilen bagly beýanat berdi

Emmanuel Makron, Argentinadaky G20 maslahatynda geçiren metbugat ýygnagynda, ýangyjyň bahalarynyň gymmatladylmagyny protest edýän “Sary ýeňsizliler” toparynyň demonstrasiýalarynyň üstünde durup geçdi.

Parižde düýn başdan geçirilenleriň hiç hili esasly jogabynyň bolmandygyny aýdan Makron: “Pariždäki wakalaryň jogapkärleri edenleri sebäpli jezalandyrylar. Hiç wagt aşa güýji kabul etmerin, emma kanuny talaplar babatynda gepleşikler geçirmäge taýýardyryn” diýdi.

Aşa güýje ýüz tutan demonstrantlaryň maksadynyň haos döretmekdigini aýdan Makron, ýurdyna gaýdyp baran mahaly ministrleri bilen mesele bilen bagly maslahat geçirjekdigini beýan etdi.

Makron Argentinadaky maslahatyň çäginde Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazadasy Muhammed Bin Selman bilen duşuşandygyny habar berip: “Muhammed Bin Selmana ählimiz Kaşykçy jenaýatyň jikme-jikligini aýan edilmegini isleýäris diýdi. Ol hem muny dykgat bilen diňledi” diýdi.

Fransuz lider, Muhammed Bin Selmandan saudy žurnalist Jemal Kaşykçy jenaýaty bilen bagly geçirilen derňew işine halkara hünärmenleriň goşulmagyny isländigini beýan etdi.



Degişli Habarlar