“Ýaponiýa Eýran meselesinde gereginden artyk ünsli çemeleşýärler”

Eýran Ýaponiýada has baýyrgaý çemeleşmegine garaşýar

1097145
“Ýaponiýa Eýran meselesinde gereginden artyk ünsli çemeleşýärler”

Eýranyň Atom Energiýasy guramasynyň başlygy Ali Akbar Salihi ýadro ylalaşygynyň bes edilmeginiň garaşylýanyndan has uly sebitleýin we global netijeleriniň boljakdygyny aýtdy.

Ýapon habarlar gullugy “Kýoda” beýannama beren Salihi Belgiýanyň paýtagty Brýusselde Eýran bilen ÝB-niň resmileriniň arasynda dowam edýän ýadro meselesindäki gepleşikler hem-de Ýaponiýa-Eýran gatnaşyklary barada garaýyşlaryny beýan etdi.

Ýaponiýanyň resmi Waşingtonyň Tahrana garşy bir taraply embargosy sebäpli Eýran meselesinde ünsli çemeleşýändigini beýan eden Salihi, resmi Tokionyň ABŞ bilen bolan ynjyk gatnaşyklaryna düşünýändiklerini nygtady.

Ýaponiýa saglygy goraýyş enjamlary we ylmy tehnologiýa ýaly Amerikan sanksiýalarynyň düzümine girmeýän ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada çagyryş eden Salihi; “Ýaponiýanyň has garaşsyz pozisiýa eýelemegini görmek isleýäris. Ýaponiýa islän halatynda has uly işleri durmuşa geçirip biler. Amerikalylaryň degişli bolmadyk ugurlary bar, emma ýaponlar Eýran meselesinde gereginden artyk ünsli çemeleşýärler” diýdi.

Salihi Amerikan sanksiýalaryna garamazdan Ýaponiýanyň eýran bilen ýadro howpsyzlygy boýunça hyzmatdaşlygyny dowam etdirýändigini belläp: “Ýaponiýa ýadro howpsyzlygy boýunça operasiýalaryny her şertde dowam etdirmekde ygrarly” diýdi.

 



Degişli Habarlar