BMG Pakistanda guralan terrorçylykly hüjümleri ýazgardy

Howpsyzlyk geňeşi, Pakistanyň Peşawer we Karaçi şäherlerinde guralan terrorçylykly hüjümleri berk ýazgardy

1094345
BMG Pakistanda guralan terrorçylykly hüjümleri ýazgardy

 

BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşi, Pakistanyň Peşawer we Karaçi şäherlerinde guralan terrorçylykly hüjümleri berk ýazgardy.

BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşi tarapyndan berlen ýazmaça beýanatda, “BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşine agza ýurtlaryň Hytaýyň Karaçi şäherindäki Baş konsullygyna guralan iki polis gullukçysy bilen asuda ilatdan 2 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan hyýanatçylykly hüjümi berk ýazgarýar” diýildi.

Beýanatda BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň kamikaze hüjümçisiniň Peşawer şäherininde medresäniň gapysynda bedenindäki bombany ýarmagyny hem berk ýazgarylýandygy nygtaldy.

Pakistanda kamikaze hüjümçisiniň medresäniň gapysynda bedenindäki bombany ýarmagy sebäpli 30 adam ýogalypdy.



Degişli Habarlar