Putin: “ABŞ-niň kararyna jogap beriler” diýdi

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, ABŞ-niň Orta aralykly Ýadro güýçler ylalaşygyndan çekilmek baradaky kararyna jogap beriljekdigini mälim etdi

Putin: “ABŞ-niň kararyna jogap beriler” diýdi

Wladimir Putin, ýurdyň Goranmak ministrliginiň ýolbaşçylary bilen goranyş senagatynyň özgermegi bilen bagly geçirilen maslahatda eden çykyşynda, ABŞ-niň Orta aralykly Ýadro güýçler ylalaşygyndan çekilmek baradaky kararynyň üstünde durup geçdi.

Russiýanyň ylalaşyk bilen bagly dialog geçirmäge taýýardygyny aýdan Putin, ABŞ-niň bu meseläni ähli jogapkärçiligi bilen ele aljakdygyna ynanýandygyny beýan etdi.

Putin: “ABŞ-niň Orta aralykly Ýadro güýçler ylalaşygyndan çekilmek baradaky karary Moskwa tarapyndan jogapsyz galmaz” diýdi.

ABŞ-niň anti-ballistik raketa ylalaşygyndan çekilen mahaly hem Russiýanyň gerek bolan jogaby berendigini ýatladan Putin, indi Russiýanyň islendik raketa goranyş ulgamlaryndan geçip biljek giperses ýaraglaryna eýedigini belledi.

ABŞ-niň Prezidenti Donald Tramp, Russiýa bilen ýurdunyň arasynda ozal baglaşylan Orta aralykly Ýadro güýçler ylalaşygyndan çekiljekdigini habar berip: “Biz ylalaşygyň düzgünlerini berjaý edýän tarap boldyk we ylalaşyga hormat goýdyk, emma Russiýa gynansagam bu ylalaşyga hormat goýmady. Şol sebäpli ylalaşykdan çekilýäris” diýip beýan etdi.

ABŞ bilen ýurdunyň Ýewropa we Uzak Gündogardaky hyzmatdaşlaryny goramagy maksat edinen Orta aralykly Ýadro güýçler ylalaşygy 1987-nji ýylda Waşingtonda baglaşylypdy.


Etiketkalar: ABŞ , ylalaşyk , Wladimir Putin

Degişli Habarlar