Ispaniýada otly relsden çykdy

Ispaniýanyň gündogaryndaky Kataloniýa sebitiniň Barselona şäherinde otlynyň relsden çykmagy netijesinde azyndan 1 adam ýogaldy, 5-siniň ýagdaýy agyr 10 adam bolsa ýaralandy

1091406
Ispaniýada otly relsden çykdy

Kataloniýanyň radiosy RAC1-iň beren habaryna görä, ýerli wagt bilen sagat 06:15-de R4 liniýasynda, Manresa-Sent-Winsent de Kalders gatnawyny amala aşyrýan otlynyň 2 wagony relsden çykdy.

Ispaniýanyň Otly dolandyryş edarasy Renfeniň metbugat geňeşçisi Antonio Karmona, wakada köp sanda adamyň ýaralandygyny belläp, Raýat goranyş toparynyň resmileriniň wakada ilkinji kesgitlemere görä 1 adamyň ýogalandygyny, 5-siniň ýagdaýy agyr jemi 10 adamyň bolsa ýaralanandygyny aýdandyklaryny beýan etdi.

Wakanyň bolan ýerine 14 ýangyn söndüriji ulagyň, 8 tiz kömek ulagynyň we polisiýa işgärleriniň gönükdirilendigi, ýaralanan adamlaryň bolsa golaýdaky hassahanalara alynyp gidilendigi habar berildi.


Etiketkalar: #Ispaniýa , #rels , #otly , #Barselona

Degişli Habarlar