Tramp: “Ses yazgysyny eşitmek islemedim, örän erbetdi, wagşyçylyklydy we elhençdi”

ABŞ-niň Prezidenti Donald Tramp, saud arabystanly žurnalist Jemal Kaşykçy jenaýaty bilen bagly ses ýazgysynyň ellerindedigini belläp: “Ses yazgysyny eşitmek islemedim, örän erbetdi, wagşyçylyklydy we elhençdi” diýdi

Tramp: “Ses yazgysyny eşitmek islemedim, örän erbetdi, wagşyçylyklydy we elhençdi”

Donald Tramp, Fox News kanalyna beren interwýusynda, Kaşykçynyň 2-nji oktýabrda Saud Arabystanynyň Stambuldaky Baş konsullugynda öldürilen mahaly alynan ses ýazgysynyň ABŞ-niň elindedigini tassyklap, onuň barasynda jikme-jik maglumat alandygyny habar berdi.

Tramp: “Ses ýazgysyny eşitmek islemedim, diňlemek üçin sebäbibem ýokdy. Örän erbetdi, wagşyçylyklydy we elhençdi” diýdi.

Saud Arabystanyň resmilerine sanksiýa girizendiklerini ýatladan Tramp: “Şol bir wagtda bir hyzmatdaşymyz we ençeme mesele boýunça örän gowy bolan hyzmatdaşymyzy taşlamak islemeýärin” diýip belledi.



Degişli Habarlar