“Owganystandaky çaknyşyklar harby taýdan çözülip bilinmez”

Dunford Owganystanda geljek ýyl geçiriljek saýlawlaryň ähmiýetine ünsi çekdi

1090674
“Owganystandaky çaknyşyklar harby taýdan çözülip bilinmez”

Kanadada geçirlen Halkara Halifax howpsyzlyk forumynda çykyş eden ABŞ-nyň Baş ştabynyň başlygy goşun generaly Dunford, Talibanyň “ýeňilmändigini” we “Owganystandaky çaknyşyklaryň harby taýdan çözülip bilinmejekdigini” aýtdy.

ABŞ bilen NATO agza ýurtlaryň Talibanyň hüjümlerini bes etmegi üçin harby, syýasy we ykdysady taýdan edýän basyşyny artdyrmaga çalyşýandygyny aýdan Dunford, “Talibanyň hem ýetilen sepgitde ylalaşyk gazanylmalydygyna doly göz ýetirendigine ynanýarys. Talibanyň gepleşik stoluna oturmagy üçin basyş edilmeli” diýdi.

Dunford Owganystanda geljek ýyl geçiriljek saýlawlaryň ähmiýetine ünsi çekdi.

Owganystanyň Ýokary parahatçylyk şurasy, düýn ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzadyň Talibanly ýolbaşçylar bilen ikinji gezek duşuşandygyny we ýurtdaky daşary ýurtly güýçleriň çekilmegi meselesinde ylalaşyk gazanylandygyny mälim edipdi.

 

 

 

 

 


 

 

 

 

 



Degişli Habarlar