Asada tabynlykdaky güýçler çaknyşyksyz zolakda guraýan hüjümlerini dowam etdirýär

17-nji sentýabrda gazanylan ylalaşykdan bäri, Asada tabynlykdaky güýçler tarapyndan guralan hüjümde 25 adam ýogaldy,

1089293
Asada tabynlykdaky güýçler çaknyşyksyz zolakda guraýan hüjümlerini dowam etdirýär

Asada tabynlykdaky güýçleri bilen tarapdary daşary ýurtly terrorçy toparlar, hüjümleriň bes edilmegi üçin gazanylan Soçi ylalaşygyna garamazdan Idlibde çaknyşyksyz zolakdaky asuda ilata garşy guraýan hüjümlerini dowam etdirýär.

Asada tabynlykdaky güýçler bilen Eýran tarapyndan goldanýan daşary ýurtly terrorçy toparlar Idlibde çaknyşyk zolakda ýerleşýän we Soçi ylalaşygyna görä agyr ýaraglardan saplanan sebitdäki etrapçalara agyr ýaraglar bilen hüjüm edýär.

Asada tabynlykdaky güýçler bilen tarapdarlary düýn gije we şu gün irden Hamanyň demirgazygynda ýerleşýän Latamne, Mareke, Ziýara we Sirmaniýe obalaryna we Latakiýada Türkmendagyna hüjüm gurady.

Hüjümde ýogalanlaryň we ýaralananlaryň bolup bolmandygy heniz bilinmeýär.

Türkiýe bilen Russiýanyň arasynda, Russiýanyň Soçi şäherinde 17-nji sentýabrda gazanylan ylalaşykdan bäri, Asada tabynlykdaky güýçler tarapyndan guralan hüjümde 25 adam ýogaldy, onlarça adam ýaralandy.

 

 

 

 



Degişli Habarlar