Merkezi amerikaly bosgunlaryň birinji topary Meksika serhedindäki Tižuana şäherine bardy

Ýurtlaryndaky söweşden we ýoksullykdan gaçyp, täze bir ýaşaýyş durmuşyna başlamak üçin ABŞ-na tarap ýola düşen merkezi amerikaly bosgunlaryň birinji topary Meksika serhedine çenli baryp ýetdi

1088637
Merkezi amerikaly bosgunlaryň birinji topary Meksika serhedindäki Tižuana şäherine bardy
gocmenler meksika2.jpg
gocmenler meksika1.jpg

Meksikanyň paýtagty Mehikoda birnäçe gün dynç alyp, ýollaryny dowam etdiren merkezi amerikaly bosgunlar, 13-nji noýabrda ýurduň ABŞ-nyň serhedindäki Tižuana şäherine geldiler.

Tižuana gelen toparda 5 müň bosgun kerweninden aýrylan 400 merkezi amerikaly bar.

Golaýda bolsa has uly toparlaryň serhede barmagyna garaşylýar.

Bosgunlaryň birinji topary birnäçe gün ozal Mehiko barypdy.

Müňden gowrak bosgun häkimlik tarapyndan stadiona ýerleşdirilipdi, häkimligiň işgärleri tiz kömek bölümini açyp, bosgunlara kömek bermäge başlapdy.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp hem Tiwitter arkaly beren ýüzlenmesinde bosgun kerwenini “ýurduny basyp almak hökmünde häsýetlendirip”, “Harby goşunymyz size garaşýar” diýipdi.

Tramp şeýle-de ABŞ-nyň raýaty bolmadyk maşgalalaryň çagalary ýurtda dünýä inen halatynda raýatlyk hukugyna eýe bolmagyny bökdemejekdigini mälim edipdi.

Tramp 9-njy noýabrda bolsa Meksika serhedinden ABŞ-na bikanun geçmäge synanşan bosgunlaryň ýurda gelmegini gadagan edýän migrasiýa barada täze beýannama gol çekendigini beýan edipdi.

BMG Merkezi Amerikadan ABŞ-na barmak üçin ýola düşen “bosgun kerwenine” 7 müňden gowrak adamyň goşulandygyny habar beripdi.

 


Etiketkalar: #Meksika , #bosgun

Degişli Habarlar