Ysraýylyň Goranmak ministri wezipesinden çekildi

Ysraýylyň Goranmak ministri Awigdor Liberman wezipesinden çekildi

1087828
Ysraýylyň Goranmak ministri wezipesinden çekildi

Eýýäm 3 gün bäri Gazany nyşana alan Ysraýylda käbir ýolbaşçylar wezipelerinden çekilýär.

Howa hüjümleri we harby toparlary bilen Gazany nyşana alan soňky hüjümler bilen birlikde 14 palestinaly şehit boldy.

Halkara jemgyýet resmi Tel-Awiwe reaksiýa bildirýär.

Libermanyň wezipesinden çekilmek baradaky karary bolsa bu wakalardan soň boldy.

Awigdor Liberman özüniň partiýasy bolan Ysraýyl öýümiz partiýasynyň ýolbaşçylary bilen geçiren maslahatyndan soň guran metbugat ýygnagynda wezipesinden çekilendigini mälim etdi.

Hökümetiň Gaza garşy syýasatyny berk ýagdaýda tankyt eden Liberman: “Palestinaly toparlar bilen Ysraýylyň arasynda düýn gazanylan Parahatçylyk ylalaşygy, terrorçylara boýun bolmakdan başga bir manysy ýok” diýdi.

Liberman Gazadaky palestinaly toparlaryň başdan geçirilen soňky wakalarda Ysraýyla 1 müň 500 taketa atmagyna garşy sessiz galyp bilmejekdiklerini beýan etdi.

Goranmak ministri Awigdor Libermanyň ýolbaşçylygyndaky Ysraýyl Öýümiz atly partiýanyň mejlisde 5 deputaty bar.  

Ysraýylyň Premýer ministri Binýamin Netanýahunyň liderligindäki we aralarynda Libermanyň hem partiýasynyň hem bolan 6 partiýaly şäriklik hökümetiň 66 deputaty bar.

Şäriklik hökümetiniň 120 orunlyk Ysraýyl mejlisinde ynam sesini almak üçin iň azyndan 61 deputata eýe bolmaklary gerek.

Libermanyň wezipesinden çekilmegi bilen hökümetiň mejlisdäki agza sany, ýagny deputat sany 61-e çenli aşaklady.

Libermanyň wezipesinden çekilmeginden soň, şäriklik hökümetiniň gowşamagy sebäpli möhletinden irki saýlawlaryň geçirilmegi gün tertibe gelip biler.

Aşa sagjy syýasatçy Awigdor Liberman, 2016-njy ýylda ýurdyň Goranmak ministri wezipesine bellenipdi.



Degişli Habarlar