Norwegiýa Saud Arabystanyna ýarag we harby enjam eksportyny saklady

“Ýemendäki söweşde ýetilen soňky sepgidi nazarda tutmak bilen Saud Arabystanyyna ýaragyň we harby enjamyň berilmegini bes edýäris”

1085320
Norwegiýa Saud Arabystanyna ýarag we harby enjam eksportyny saklady

Norwegiýa Ýemende Husiler bilen söweşýän hyzmatdaş güýçlerine öňbaşçylyk edýän Saud Arabystanyna ýarag we harby enjam eksportyny saklady.

Norwegiýanyň Daşary işler ministri İne Eriksen Soreide ýurdunuň NRK telewideniýesine beýanat berdi.

Saud Arabystany hakyndaky soňky wakalara ünsi çeken Soreide, “Ýemendäki söweşde ýetilen soňky sepgidi nazarda tutmak bilen Saud Arabystanyyna ýaragyň we harby enjamyň berilmegini bes edýäris” diýdi.

 


Etiketkalar: #Norwegiýa , #ýarag , #eksport

Degişli Habarlar