Amerikanyň Kaliforniýa ştatynda gijeki klublaryň birinde hüjüm guraldy

ABŞ-niň Kaliforniýa ştatynda gijeki klublaryň birinde guralan ýaragly hüjümde köp sanda adam ýaralandy

1084058
Amerikanyň Kaliforniýa ştatynda gijeki klublaryň birinde hüjüm guraldy

Waka Kaliforniýanyň Tauzand-Oks şäherinde boldy.

Tüpeň bilen kluba giren bir adam daş-töwerege od açdy.

Amerikanyň mediasyna görä, hüjümde 10 bilen 20 aralygynda adam ýaralandy.

Hüjümçide tüsse granadynyň hem bardygy habar berildi.

Howpsyzlyk güýçleri we tiz kömek ulaglarynyň hadysanyň bolan ýerine barandygy, halkdan wakanyň bolan ýerinden uzakda durmaklary islenendigi beýan edildi.

Ýerli wagt bilen sagat 11:20-de bolan wakanyň terrorçylykly hüjüm bolup-bolmandygy barada entek resmi beýanat berilmedi.

Polisiýa gullugynyň işgärleri bilen çaknyşygyny dowam etdirýän hüjümçiniň aksiýasyny dowam etdirýändigi mälim edildi.



Degişli Habarlar