Kubanyň Döwlet baştutany Demirgazyk Koreýada saparda bolýar

Kubanyň täze saýlanan Döwlet baştutany Migel Dias-Kanel, ilkinji daşary ýurt syýahadynyň çäginde Russiýadan soň, Demirgazyk Koreýada resmi saparda bolýar

1081871
Kubanyň Döwlet baştutany Demirgazyk Koreýada saparda bolýar

Demirgazyk Koreýanyň döwlet mediasynda berilýän habarlara görä, Migel Dias-Kanel aýaly bilen bilelikde düýn ýekşenbe güni ýurdyň paýtagty Phenýana bardy. Migel Dias-Kaneli howa menzilinde Demirgazyk Koreýanyň lider Kim Çen Yn garşylady.

Paekhwawon Döwlet myhmanhanasynda ikiçäk duşuşyk geçiren iki lider, ýurtlaryň geçmişini göz öňünde tutup, aralaryndaky gatnaşyklaryny dowam etdirilmelidiklerini bellediler.

Resmi beýanatlarda dostlukly geçendigi bellenen duşuşygyň jikme-jikligi barada bolsa maglumat berilmedi.

Duşuşykda iki lideriň, ABŞ-niň ykdysady sanksiýalaryna sezewar bolan iki ýurdyň ykdysady hyzmatdaşlygy we sanksiýalaryň maliýe ýüklerini azaltmak ugrunda ädimler etmegi ara alyp maslahatlaşandyklary çak edilýär.

Migel Dias-Kanel, Raul Kastronyň ýurdyň Döwlet baştutany  wezipesiniň möhlediniň dolmagyndan soň mejlis tarapyndan 18-nji aprelde ýurdyň Döwlet baştutany wezipesine saýlanypdy.



Degişli Habarlar