Indoneziýada heläkçilige uçran ýolagçy uçarynyň gara gutusy tapyldy

Uçarda 181 ýolagçy we 8 adamlyk ekipaž bilen jemi 189 adam bardy

1079496
Indoneziýada heläkçilige uçran ýolagçy uçarynyň gara gutusy tapyldy

Indoneziýada uçandan gysga wagt soň heläkçilige uçran Lion Howa ýollaryna degişli ŽT 610 saparyny amala aşyrýan Boeing 737 MAX8 kysymly ýolagçy uçarynyň gara gutusy tapyldy.

Kompas TW kanalynyň berýän habaryna görä, uçaryň heläkçilige uçran ýeri bolan Karawang suw giňişliginde 30 metr çuňlukda deňiz güýçleri tarapyndan geçirlen barlag işlerinde uçaryň gara gutusy tapyldy.

Duşenbe güni Jakartadan Sumatra Adasyndaky Pangkal Pinanga gitmek üçin uçan uçar bilen uçandan 13 minut soň radar arabaglanşygy kesilipdi.

Uçarda 181 ýolagçy we 8 adamlyk ekipaž bilen jemi 189 adam bardy.

 

 



Degişli Habarlar