Gürjistan birinji tapgyrda täze prezidentini saýlap bilmedi

Saýlaw komissiýasy bolsa ikinji tapgyr barada heniz hiç hili beýanat bermedi

1077954
Gürjistan birinji tapgyrda täze prezidentini saýlap bilmedi

Gürjistanda düýn geçirlen prezident saýlawynyň netijeleri ýurduň täze lideriniň ikinji tapgyrda saýlanjakdygyny görkezýär.

Gürjistanyň Merkezi saýlaw komissiýasynyň resmi internet saýtynda berlen saýlawyň netijelerine görä, hökümet tarapyndan goldanýan garaşsyz dalaşgär Salome Zurabişwili sesleriň 38,64 göterimini, ozalky Prezident Mihail Saakaşwili tarapyndan goldanýan oppozisiýanyň dalaşgari Grigol Waşadze bolsa sesleriň 37,74 göterimini aldy.

Dalaşgärleriň hiç haýsy 50 göterimlik saýlaw çäklendirmesini geçip bilmedi we ýurduň täze prezidenti saýlawyň ikinji tapgyrynda belli bolar.

Saýlaw komissiýasy bolsa ikinji tapgyr barada heniz hiç hili beýanat bermedi.

 



Degişli Habarlar