Iordaniýada okuwçylary daşaýan awtobus heläkçilige uçrady

Wakada ilkinji kesgitlemelere görä 10 adam ýogaldy

1075870
Iordaniýada okuwçylary daşaýan awtobus heläkçilige uçrady

Iordaniýanyň günbataryndaky Öli deňiz sebitinde okuwçylary daşaýan awtobusyň heläkçilige uçramagy netijesinde ilkinji kesgitlemelere görä 10 adam ýogaldy.

Iordaniýanyň Raýat goranyş gullugy tarapyndan berilen ýazmaça beýanata görä, içinde 37-si okuwçy jemi 44 adam bolan awtobus, Öli deňiz sebitinde sil apatyna sezewar galdy.

Wakada 10 adam ýogaldy, 22 adam bolsa halas edilip ýetişildi.

Dereksiz ýiten 12 adamyň bolsa gözleg we halas ediş işleri dowam edýär.



Degişli Habarlar