Tramp: “Saud Arabystany biziň üçin iňňän möhüm”

Tramp “Fox TW” telaýaýlymyna Saud Arabystany bilen gatnaşyklar barada beýannama berdi

1070999
Tramp: “Saud Arabystany biziň üçin iňňän möhüm”

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp ýurdunyň Ýakyn Gündogar baradaky taslamasynda Saud Arabystanynyň mirasdüşer Şazadasy Muhammed Bin Salmanyň özleri üçin bolan ähmiýetine ünsi çekip; “Saud Arabystany biziň üçin iňňän möhüm” diýdi.

Tramp “Fox TW” telaýaýlymyna 2-nji oktýabrda Saud Arabystanynyň Stambuldaky Başkonsullygynda baradan soň dereksiz ýiten žurnalist Jemal Kaşykçy bilen ABŞ-Saud Arabystany gatnaşyklary barada beýannama berdi.

Tramp ABŞ-nyň Ýakyn Gündogar baradaky taslamasynda Saud Arabystanynyň mirasdüşer Şazadasy Muhammed Bin Salmanyň möhümdigine ünsi çekip; “Saud Arabystany biziň üçin iňňän möhüm” diýdi.

Tramp, Kaşykçy wakasyndan soň özüne edilen “Saud Arabystanyna ýarag satuwlaryny bes et” diýlen çagyryşlary barada bolsa Kongresiň käbir agzalarynyň edýän güýçli basyşlaryna garamazdan resmi Riýada ýarag satuwyny bes etmejekdigini aýtdy.

Donald Tramp Saud Arabystanyna edilen 115 milliard dollarlyk ýarag satuwynyň Amerikan halkyna 500 müň täze iş orny mümkinçiligini döretjekdigini öňe sürdi.

Kaşykçy wakasynyň Şazada Salman bilen “arabaglanşyksyzdygyny” tama edýandigini beýan eden Tramp; “Bu meniň üçin möhüm faktor” diýdi.



Degişli Habarlar