Krymda guralan hüjümde ýogalan adamlaryň sany 21-e ýetdi

Russiýa tarapyndan bikanun ýadgaýda basylyp alynan Krymda bir uçilişede guralan hüjümde ýogalan adamlaryň sany 21-e ýetdi

1071279
Krymda guralan hüjümde ýogalan adamlaryň sany 21-e ýetdi

Ýerli resmiler, düýn Krymyň Kerç şäherinde bir uçilişede guralan bombaly we ýaragly hüjümde ýaralanan 10-synyň ýagdaýy agyr bolan jemi 50 adamyň hassahanalardaky bejergileriniň dowam edýändigini habar berdiler.

Beýleki tarapdan Russiýanyň Kommersant gazedi, wakanyň derňelmegi üçin ozal Sankt-Peterburg şäherindäki metroda guralan terrorçylykly hüjümi we Kemerowa şäherindäki söwda merkezleriniň birinde 64 adamyň ýogalmagy bilen netijelenen wakalary derňän general Sergeý Golkiniň ýolbaşçylygyndaky toparyň bellenendigini mälim etdi.

Wakadan soň Krymda 3 günlik milli ýas yglan edildi.

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin tarapyndna berilen beýanatda, hüjümiň jikme-jik ýagdaýda derňeljekdigini we derňew işiniň netijesiniň halka aýan ediljekdigini habar berdi.

Kerç şäherinden Wladislaw Roslýakow atly 18 ýaşyndaky ýaş oglan okuwçy, düýn sebitdäki uçilişe bombaly we ýaragly hüjüm gurady.

Wakadan soň özüniň janyna kast eden Roslýakowyň hüjümi näme üçin gurandygy entek bilinenok.

Russiýanyň Derňew komitedi tarapyndan berilen ilkinji beýanatda, wakanyň terrorçylykly hüjüm hökmünde häsýetlendirilendigi, berilen ikinji beýanatda bolsa wakanyň jenaýatçylykly hüjüm hökmünde ele alynjakdygy habar berilipdi.  


Etiketkalar: #Krym , #hüjüm , #Wladimir Putin

Degişli Habarlar