Tramp žurnalist Jemal Kaşykçy meselesinde Saudy Şasy Salman bilen gepleşik geçirer

Tramp “Şa Salmana telefon edip waka hakynda pikir alyşaryn” diýdi

1067925
Tramp žurnalist Jemal Kaşykçy meselesinde Saudy Şasy Salman bilen gepleşik geçirer

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Saud Arabystanly žurnalist Jemal Kaşykçy meselesinde Saud Arabystanynyň Şasy Salman Bin Abdulaziz bilen gepleşik geçirjekdigini aýtdy.

ABŞ-nyň Ohio ştatynda geçirlen dabara gatnaşan Tramp, žurnalistleriň Kaşykçy wakasy hakyndaky soraglaryna jogap berdi.

Tramp “Şa Salmana telefon edip waka hakynda pikir alyşaryn” diýdi.

Saudy reformaçylar üçin esasy platforma bolan Al Watan gazetine uly goşant goşan we Günbatarly köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Ýakyn Gündogar hakyndaky habarlary bilen ýakyndan tanalan Kaşykçydan 2-nji oktýabrda resmi işleri üçin Saud Arabystanynyň Stambuldaky Başkonsullygyna girenden soň hiç hili habar alynmady.

Tramp Jemal Kaşykçy barada ozal beren beýanatynda mesele barada Saud Arabystanly ýokary derejeli ýolbaşçy bilen pikir alyşandygyny we waka alada bildirýändigini aýdypdy.



Degişli Habarlar