Zaharowa: “Russiýa Ýewfrat derýasynyň gündogaryndaky hadysalara alada bildirýär” diýdi

Russiýa, ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK-nyň, ABŞ-den alan goldawy bilen özbaşdak dolanşyk emele getirmäge synanyşmagy sebäpli, Ýewfrat derýasynyň gündogaryndaky hadysalara alada bildirýändigini habar berdi

1066524
Zaharowa: “Russiýa Ýewfrat derýasynyň gündogaryndaky hadysalara alada bildirýär” diýdi

Mariýa Zaharowa, hepdelik metbugat ýygnagynda Ýewfrat derýasynyň gündogarynda başdan geçirilýän wakalar bilen bagly beýanat berdi.

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Mariýa Zaharowa, ABŞ-niň goldawyny alýan ÝPG/PKK-nyň özbaşdak dolanşyk emele getirmäge synanyşmagy sebäpli, Ýewfrat derýasynyň gündogaryndaky hadysalara alada bildirýändiklerini mälim etdi.

“Ýewfrat derýasynyň gündogar kenarynda başdan geçirilýän hadysalar barha biynjalyk edýär” diýen Zaharowa, amerikalylaryň sebitdäki gurluş bilen hyzmatdaşlyk içindedigini habar berdi.

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Mariýa Zaharowa sebitiň halkynyň ABŞ tarapyndan goldanýan howpsyzlyk güýçleriniň eden-etdiliginden hoşal däldigini hem sözleriniň üstüne goşdy.



Degişli Habarlar