Keniýadaky awtobus heläkçiliginde 50 adam ýogaldy

Keniýada gözegçilik astyndan çykan ýolagçy awtobusynyň agdarylmagy netijesinde 50 adam ýogaldy

1065899
Keniýadaky awtobus heläkçiliginde 50 adam ýogaldy

Ýurdyň paýtagty Naýrobiden Kakamega şäherine barýan we 52 ýolagçysy bolan awtobus gözegçilik astyndan çykdy.

Wakada aralarynda çagalar hem bolan 50 adam ýogaldy.

Rift jülgesi sebitiniň komissary Fransis Munýambu, ýaralanan 2 adamyň golaýdaky hassahanada bejergi astynda alynandygyny habar berdi.

Ýurtda başdan geçirilýän ulag heläkçiliklerinde her ýyl takmynan 3 müň keniýaly ýogalýar.



Degişli Habarlar