ABŞ Stambulda dereksiz ýiten saud arabystanly žurnalist bilen bagly beýanat berdi
ABŞ-niň wise-prezidenti Maýk Pens, Saud Arabystany islän halatynda, Türkiýä Federal Derňew Býurosyndan bir topar ibermäge taýýardyklaryny habar berdi
Saud Arabystanynyň Stambuldaky Baş konsullygyna giren güni bolan 2-nji oktýabrdan bäri habarlaşyp bolmaýan žurnalist Jemal Kaşykçy wakasy öz gizlinligini goramagyny dowam etdirýärkä, ABŞ tarapyndan bir beýanat berildi.
ABŞ-niň wise-prezidenti Maýk Pens, Saud Arabystany islän halatynda, Türkiýä Federal Derňew Býurosyndan bir topar ibermäge taýýardyklaryny habar berdi.
Maýk Pens radio gepleşikleriniň birine beren beýanatynda, dereksiz ýiten Saud Arabystanly žunalist bilen baglanşykly derňew işine hemişe kömek bermäge taýýardyklaryny mälim etdi.
Maýk Pens: "Eger Saud Arabystany talap etse, ABŞ her dürli kömek bermäge taýýardyr, Waşington Federal Derňew Býurosyndan bir topar ibermäge taýýar" diýip nygtady.
Degişli Habarlar
Filippinlerde 5,7 bal ululygynda ýertitreme boldy
Filippinleriň Leýte sebitinde 5,7 bal ululygynda ýertitreme boldy