ABŞ-niň BMG-däki hemişelik wekili kim bolar?

ABŞ-niň Prezidenti Donald Tramp, wezipesinden çekilmek baradaky arzasyny kabul eden, ýurdunyň BMG-däki hemişelik wekili Nikki Haleýiň ýerine kimiň bellenjekdigi baradaky soraga: “Iwankda Tramp hem bolardy welin, öz gyzyna ýeňillik döredýär diýerler” diýdi

1065783
ABŞ-niň BMG-däki hemişelik wekili kim bolar?

Donald Tramp, Nikki Haleýiň wezipesinden çekilmeginden soň, Ak Tamda metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap berdi.

Bu wezipä gyzy Iwanka Trampyň bellenip-bellenmejekdigi bilen bagly soraga Tramp: “Iwankda Tramp hem bolardy welin, öz gyzyna ýeňillik döredýär diýerler” diýip belledi.

Tramp esasan hem Amerikan mediasy tarapynda güýçli bir dalaşgär hökmünde öňe çykarylan Ak Tamyň Milli howpsyzlyk maslahatçysynyň ozalky kömekçisi Dina Habib Powelli bu wezipe üçin pikir etjekdiklerini habar berdi.

Donald Tramp: “Dina elbetde göz öňümde tutýan adamlaryň biri bolar” diýip nygtady.

Asly müsürli bolan 45 ýaşyndaky Powell, Trampyň Prezidentlige saýlabnmagyndan soň Ak Tamda işläpdi, soň bolsa wezipesinden çekilip Goldman Sachs Group atly kärhana geçipdi.

Tramp düýn beren beýanatynda, häzirki wagtda ABŞ-niň BMG-däki Hemişelik wekili Nikki Haleýiň ýylyň ahyryna çenli bu wezipede işlejekdigini mälim etdi.



Degişli Habarlar