Trampyň Ýokary Kazyýet dalaşgärine garşy protestler geçirildi

ABŞ-niň Prezidenti Donald Trampyň Ýokary Kazyýet agzalygy üçin dalaşgär hödürlän Brett Kawano garşy jynsy günäkärlemeler sebäpli paýtagt Waşingtonda we Nýu-Ýorkda protestler geçirildi

1062964
Trampyň Ýokary Kazyýet dalaşgärine garşy protestler geçirildi

Nýu-Ýorkda 5-nji köçede ýerleşýän Tramp Tower binasynyň öňünde geçirilen proteste aglabasy zenan bolan ýüzlerçe adam gatnaşdy.

Brett Kawanonyň Ýokary Kazyýet dalaşgärliginden çykarylmagy üçin şygarlar aýdan demonstrantlar, “Zenanlara ynanyň”, “Sessiz bolmagy ret edýäris”, “Kawano bolmasyn” ýaly ýazgyly şygarlar göterdiler.  

Mundan başgada demonstrantlar jynsy hüjümlere sezewar bolan zenanlaryň sesleriniň eşidilmegini talap etdiler.

Paýtagt Waşingtonda Kongresiň öňünde ýygnanan adamlar, Brett Kawanonyň Ýokary Kazyýet dalaşgärliginden çykarylmagyny islediler.

Protsetlerde başdan geçirilen dartgynlyklar sebäpli 300-den gowrak adam göz tussaglygyna alyndy.

Göz tussaglygyna alynan adamlaryň arasynda amerikaly aktrisa Emi Şumer hem bar.



Degişli Habarlar