Russiýa we Hindistan S-400 babatynda ylalaşdylar

Russiýanyň we Hindistanyň eýýäm ençeme wagt bäri gepleşikleri dowam eden S-400 howa goranyş ulgamlary bilen bagly şertnama gol çekendikleri mälim edildi

1062907
Russiýa we Hindistan S-400 babatynda ylalaşdylar

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putiniň Hindistan saparyna gabat getirilen ylalaşygyň çykdajysynyň 5,4 milliard dollara barabar bolandygy habar berildi.  

Ylalaşyga laýyklykda Russiýa, Hindistana 5 sany S-400 batareýalaryny iberer.

ABŞ bolsa, Rus S-400 ýaraglaryny satyn alan halatynda Hindistana sanksiýa goýmak bilen hemle atypdy.


Etiketkalar: #Russiýa , #S-400 , #Hindistan

Degişli Habarlar