Müsürüň agdarlan Prezidenti Mursy maşgalasy bilen 5 ýylda 4 gezek duşuşdy

Abdulmaksud duşuşyga Mursiniň aýaly bilen çagalarynyň gatnaşandygyny aýtdy

1063298
Müsürüň agdarlan Prezidenti Mursy maşgalasy bilen 5 ýylda 4 gezek duşuşdy

Müsürli ýolbaşçylar harby agdarlyşyk netijesinde wezipesinden çetleşdirlen ýurduň saýlanan ilkinji Prezidenti Muhammed Mursa maşgalasy bilen 5 ýylda 4 gezek duşuşmagyna rugsat berdi.

Muhammed Mursini goramak toparynyň başlygy Abdulmunim Abdulmaksud Müsürli ýolbaşçylar tarapyndan Mursa soňky iki hepde-de iki gezek maşgalasy bilen duşuşmagyna rugsat berlendigini aýtdy.

Abdulmaksud duşuşyga Mursiniň aýaly bilen çagalarynyň gatnaşandygyny aýtdy.

Abdulmaksud, Ahmed Mursiniň 2013-nji ýylyň iýul aýyndan bäri 5 ýylda kakasyny ilkinji gezek görendigini belledi.

Ahmed Mursi duşuşykdan soň beren beýanatynda kakasynyň saglyk ýagdaýynyň gowydygyny nygtady.

 


Etiketkalar: #Müsür , #Muhammed Mursi

Degişli Habarlar