Russiýa Siriýa S-300 howa goranyş ulgamyny tabşyrdy

Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu Siriýa S-300 howa goranyş ulgamynyň tabşyrlandygyny aýtdy

1061298
Russiýa Siriýa S-300 howa goranyş ulgamyny tabşyrdy

Şoýgu Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň ýolbaşçylygynda geçirlen Howpsyzlyk geňeşiniň maslahatynda rus esgerleriniň Siriýadaky howpsyzlygynyň artdyrylmagy üçin görlen çäreler barada maglumat berdi.

Siriýa S-300 howa goranyş ulgamynyň tabşyrlandygyny aýdan Şoýgu “S-300 howa ulgamlary bilen birlikde 49 sany harby enjam tabşyrdyk” diýdi.

Geçen aý Ortaýer deňzinde 15 rus esgerini alyp barýan rus Il-20 uçagy Siriýanyň ýaragly güýçleri tarapyndan atylan raketalar bilen urlup düşürlipdi.

Russiýa waka sebäpli Ysraýylyň howa güýçlerini günäkärläpdi we Siriýadaky rus esgerleriniň howpsyzlygyny artdyrmak üçin Siriýa S-300 howa goranyş ulgamlaryny berjekdigini mälim edipdi.

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar