Russiýa Siriýada 3 ýylyň dowamynda 112 esgerini ýitirdi

Russiýanyň Federasiýa geňeşiniň Goranmak we howpsyzlyk komitetiniň başlygy Wiktor Bondarýew ýurdunyň Siriýada operasiýalaryň başlamagyndan bäri geçen 3 ýylda 112 rus esgeriniň ýogalandygyny beýan etdi

1059620
Russiýa Siriýada 3 ýylyň dowamynda 112 esgerini ýitirdi

Bondarýew Russiýanyň Ýaragly güýçleriniň Siriýada operasiýalara başlamagynyň üç ýyllygy mynasybetli metbugata beýanat berdi.

Sowet döwründe Owganystanda ilkinji üç ýylyň dowamynda 4800-e golaý esgeriň, azyndan 60 tankyň we 400 sowutly ulag bilen 15 uçaryň, 97 dik uçaryň ýitirilendigini ýatladan Bondarýew; “Häzirki wagtda ýaragly güýçlerimiz Siriýada 112 esger ýitirdi. Şol esgerleriň ýarysyna golaýy AN-26 uçar heläkçiliginde we İl-20 uçarynyň urulmagy sebäpli pida boldy. Şeýle-de 8 uçar, 7 dik uçar we birnäçe sowutly ulagymyz hatardan çykdy” diýdi.

Bondarýew 2003-2006-njy ýyllaryň aralygynda Yrakda guran operasiýalarynyň dowamynda ABŞ-nyň öňbaşçylygyndaky hyzmatdaşlygyň 2,515 esger, 10-15 sany tank, azyndan 50 sotuwly ulag, 15 uçar we 80-e golaý dik uçar ýitirendigini aýtdy.

Rus AN-26 kysymly harby ýük uçary üstümizdäki ýylyň mart aýynyň 6-da Hmeýmim harby howa bazasynda tehniki sebäplerden ýere gaçypdy, uçaryň içindäki 39 rus esgeri heläk bolupdy.

Siriýada 17-nji senýabrda barlag uçuşyny geçirýän we 15 esgeri alyp barýan Rus İl-20 uçary Ortaýer deňziniň üstünde Siriýanyň howa goranyş raketasy bilen urlupdy.


Etiketkalar: #Russiýa , #esger

Degişli Habarlar