Asada tabynlykdaky güýçleriň eden jenaýatlary we adam hukuklarynyň basgylanşy seljerildi

2011-nji ýyldan bäri 210 müň adam tussag edildi

1058260
Asada tabynlykdaky güýçleriň eden jenaýatlary we adam hukuklarynyň basgylanşy seljerildi

ABŞ-nyň, Britaniýanyň we Fransiýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylary Nýu-Ýorkda geçirilýän BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň çäginde Siriýada Asada tabynlykdaky güýçleriň eden jenaýatlaryny we adam hukuklarynyň basgylanşyny seljerdi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygyndan berlen ýazmaça beýanatda ABŞ-nyň, Britaniýanyň we Fransiýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň Siriýada adam hukuklaryny goraýjy guramalaryň wekilleri bilen duşuşandygy we Asada tabynlykdaky güýçleriň eden jenaýatlary hakynda maglumat alandyklary bellenildi.

Siriýada adam hukuklaryny goraýjy guramalarynyň wekilleriniň berýän maglumatynda Siriýada içerki urşuň başlan ýyly bolan 2011-nji ýyldan bäri 210 müň adamyň tussag edilendigi, 85 müň adam dereksiz ýitendigi we 14 müň adama hem zulum edilendigi nygtaldy.

 

 

 



Degişli Habarlar