“Maňa gülmediler, bilelikde güldük”

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp BMG-niň sessiýasyndaky çykyşyndaky gülüşmeler barada beýanat berdi

1057858
“Maňa gülmediler, bilelikde güldük”

Donald Tramp Nýu-Ýorkda geçiren metbugat ýygnagynda geň beýatlar berdi.

Tramp BMG-niň 73-nji Sessiýasyndaky çykyşynda özüni “hökümetiň 2 ýyla ýetmänkä ABŞ-nyň taryhyndaky beýleki hökümetlerden has uly üstünlik gazanandygyny” aýtmagyna dünýä liderleriniň gülmek bilen reaksiýa görkezmegi barada durup geçip, ilki “ýylgyrmalary eşidendigini” aýtdy.

Donald Tram soň bolsa; “Maňa gülnokdylar, biz bilelikde güldük, güýmendik. Ol meniň üstümden gülmek däldi. Ýene-de galp media “Adamlar Prezidet Trampyň üssünden güldi” diýdi. Olar maňa gülmändi. Adamlar meniň bilen şatlykly pursatlary başdan geçirdi. Bilelikde gülýärdik” diýdi.

Donald Trampyň öňňin Baş Assambleýada sözlän sözünde “Meniň ýolbaşçylygymdaky hökümet taryhymyzdaky birnäçe hökümetden has başarjaň” diýmegi, gülüşmelere sebäp bolupdy.

Tramp bolsa; “Gülmegiňize garaşamokdym, emma ýene-de sag boluň” diýipdi.



Degişli Habarlar