Donald Tramp, Demirgazyk Koreýanyň lideri bilen duşuşar

ABŞ-niň Prezidenti Donald Tramp, Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Yn bilen 2-nji gezek ýakyn wagtda duşuşjakdygyny habar berdi.

1055849
Donald Tramp, Demirgazyk Koreýanyň lideri bilen duşuşar

Tramp BMG-de geçirilen maslahatlaryň birinde eden çykyşynda, ABŞ bilen Demirgazyk Koreýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň özgerýändigini belledi. 

Donald Tramp, ABŞ-niň Döwlet sekretary Maýk Pompeonyň Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Yn bilen ýakyn wagtda geçirilmeli 2-nji duşuşygyň üstünde işleýändigini mälim etdi. 

ABŞ-niň Prezidenti Donald Tramp, Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Yn bilen 12-nji iýunda Singapurda duşuşyk geçiripdi, duşuşykdan soň iki lider Demirgazyk Koreýanyň ýadro ýaraglardan saplanmagy babatynda ylalaşyk gazanypdylar. 

Emma ondan soňky hepdelerde iki ýurdyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar bozulmaga başlapdy, ABŞ tarapy Demirgazyk Koreýany ýadro programmadan ýüz öwürmemek bilen günäkärläpdi. 

 



Degişli Habarlar