Pakistan Hindistana gepleşik etabynyň ýaňadandan başlamagy barada çagyryş berdi

Imran Han Hindistanyň Premýer ministrine ýurtlaryň arasyndaky gepleşik etabynyň ýaňadandan başlamagy barada çagyryş berdi

1053577
Pakistan Hindistana gepleşik etabynyň ýaňadandan başlamagy barada çagyryş berdi

Pakistanyň Premýer ministri Imran Han Hindistanyň Premýer ministri Narendra Moda ýurtlaryň arasyndaky gepleşik etabynyň ýaňadandan başlamagy barada çagyryş berdi.

Pakistanyň Premýer ministri Imran Han hindi kärdeşine ýazan hatynda iki ýurduň arasyndaky kynçylyklaryň çözülmegi üçin gepleşik etabynyň ýaňadandan başlamagynyň möhümdigini belledi.

Pakistanyň Daşary işler ministrligi hatyň Hindistanyň Premýer ministrinden gelen gutlag hatyna jogap hökmünde ýazylandygy nygtaldy.

Beýanatda “Gepleşikleriň ýaňadandan başlamagy çagyryşyna Hindistandan geljek resmi jogaba garaşýarys” diýildi.

 

 



Degişli Habarlar