Iňlis we fransuz uçarlar Britaniýa giren rus uçarlaryna päsgel berendigi sürüldi

Britaniýanyň we Fransiýanyň howa güýçlerine degişli uçarlaryň Demirgazyk deňiziniň üsti bilen Britaniýanyň howa giňişligine giren rus uçarlaryna päsgel berendigi öňe sürüldi

1054087
Iňlis we fransuz uçarlar Britaniýa giren rus uçarlaryna päsgel berendigi sürüldi

Britaniýanyň Sky News telewideniýesiniň berýän habaryna görä, operasiýa Typhoon kysymly bir howa uçary bilen Airbus Voyager tanker uçarynyň Britaniýanyň Nýukasl şäherinden ýerli wagt bilen sagat 15:00-da ýokaryk galmagy bilen başlady.

Britaniýanyň uçarlaryndan soň, bir fransuz harby uçary bilen tanker uçary howa galdy.

Habarda rus uçarlarynyň sany we görnüşi barada maglumat berilmedi.

Britaniýanyň şalygynyň howa güýçleri hem dowam edýän bir operasiýa barada maglumat bermejekdigini aýan etdi.

Sky News takmynan 45 minut dowam eden operasiýadan soň iňlis we fransuz uçarlarynyň bazalaryna gaýdyp gelendigini mälim etdi.  



Degişli Habarlar