Awstraliýada almanyň içinden igne çykdy

Habarda Sydneýde almanyň içinden igne çykandygyna üns çekilýär

1052005
Awstraliýada almanyň içinden igne çykdy

 

BBC-niň berýän habaryna görä, Awstraliýada ýer tudanasyndan we banandan soň almanyň içinden hem igne çykdy.

Habarda Sydneýde almanyň içinden igne çykandygyna üns çekilýär.

Okuwa gitjek gyzyna alma bermek üçin pyçagy eline alan ene ignäni gören badyna howpsyzlyk güýçlerine habar berdi we waka hakynda derňew işiniň gozgalandygy nygtaldy.

Geçen hepde ýurtda ýer tudanasynda ignä gabat gelinmeginden soň ýer tudanasyny öndürijileriň çeken ýitgisiniň öweziniň doldurulmagy üçin bir million dollarlyk gaznanyň döredilendigi habar berlipdi.

Şol gaznanyň 100 müň dollary ýer tudanasyna igne goýan ynsanlaryň tussag edilmegi üçin bölünip berildi.

Miwelere igne goýanlar 10 ýyla çenli azatlykdan mahrum ediler

 

 


Etiketkalar: #Awstraliýa , #alma , #igne

Degişli Habarlar