Maas: “Türkiýe bilen gatnaşyklaryň kadalaşmagyny arzuw edýäris”

Germaniýanyň Daşary işler ministri Heiko Maas Türkiýe bilen gatnaşyklaryň kadalaşmagyny isleýändiklerini aýtdy

1051156
Maas: “Türkiýe bilen gatnaşyklaryň kadalaşmagyny arzuw edýäris”

Maas Prezident R.T.Erdoganyň üstümizdäki aýyň 28-29-y aralygynda Germaniýa gurajak saparyndan ozal nemes habarlar gullugyna interwýu berdi.

Maas Prezident Erdogan bilen ara alynyp maslahatlaşyljak köp sanly meseläniň bardygyny nygtap; “Türkiýe bilen gatnaşyklaryň kadalaşmagyny Germaniýada ýaşaýan 3 million türkiýeli raýat sebäpli isleýäris” diýdi.

Maas Erdoganyň saparyna görülýän taýarlyklar boýunça Türkiýe bilen ýakyn hyzmatdaşlyk edýändiklerini hem aýtdy.

Germaniýanyň Prezidenti Frank Walter Şteinmaýeriň çakylygyna laýyklykda sentýabr aýynyň 28-29-y aralygynda Berline döwlet saparyny gurajak Erdogan, ol ýerde harby dabara bilen garşylanar.

Şteinmaýeriň berjek resmi naharyna gatnaşjak Erdogan Şteinmaýer hem-de Federal Kansler Angela Merkel bilen duşuşar.

Gazna we maliýe ministri Berat Albaýrak hem Prezident Erdoganyň saparyndan ozal 21-nji sentýabrda Berlinde saparda bolar.

Germaniýanyň Ykdysadyýet ministri Peter Altmaýer hem uly wekiliýet bilen oktýabr aýynyň 25-26-sy aralygynda Türkiýä sapar guramagy meýilleşdirilýär.

 



Degişli Habarlar