Guterreş: “ABŞ-nyň dünýädäki pozisiýasy ejizleýär”

Guterreş “Atlantik” žurnalyna beren interwýusynda “ABŞ-nyň ýumşak güýji azalýar” diýip nygtady

1049242
Guterreş: “ABŞ-nyň dünýädäki pozisiýasy ejizleýär”

BMG-niň baş Sekretary Antoniu Guterreş ABŞ-nyň dünýädäki pozisiýasynyň ejizleýändigini beýan etdi

Guterreş “Atlantik” žurnalyna beren interwýusynda “ABŞ-nyň ýumşak güýji azalýar” diýip nygtady.

Adyny tutman ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Hytaý bilen girişen “söwda söweşine” ünsi çeken Guterreş; “ABŞ şu günki günde söwda we käbir meseleler bilen gyzyklanýar. Ozallar halkara gatnaşyklarda güýçli pozisiýa eýelän amerikan jemgyýetiniň şu günki günde gyzyklanmasy az” diýdi.

Baş Sekretar Guterreş; “Dünýä böleklere bölündi we Sowuk söweşiň gutarmagyndan bäri Amerikanyň öňbaşçylyk edýän ulgamy entek ady goýulmadyk köp sanly güýjüň täsirli bolan ulgamyna tarap barýar. ABŞ we dünýä bu täze ulgamy ykrar edip, oňa öwrenişmeli” diýdi.


Etiketkalar: #BMG , #Baş sekretar , #ejiz , #ABŞ

Degişli Habarlar