Rus lider Wostok-2018 türgenleşigine tomaşa etdi

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin Sibirde dowam edýän Wostok-2018 harby türgenleşigine tomaşa etdi

1048870
Rus lider Wostok-2018 türgenleşigine tomaşa etdi

Wladimir Putin 11-nji sentýabrda başlan türgenleşigiň esasy etabyny Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu, Hytaýyň Goranmak ministri Wei Fenghe, Russiýanyň Baş Ştabynyň başlygy Waleriý Gerasimow we Mongoliýanyň Ýaragly güýçleriniň serkerdesi Ganselem Lhagwasuren bilen tomaşa etdi.

Meýdandaky mobil gözegçilik nokadyny hem gözden geçiren Putin, türgenleşikden soň käbur rus, hytaýly we mongol esgerlere medal gowşurdy.

Putin poligonda eden çykyşynda rus goşunynyň we flodynyň ilkinji gezek kyn we uly ölçegli synagdan geçendigini belledi.

Türgenleşigiň Tsugol poligonynda geçirilen esasy etabynyň ýokary derejede geçendigini aýdan Putin, ähli toparlaryň potensial harby howplara garşy üstünlikli ýagdaýda ukyplaryny görkezendigini mälim etdi.

Putin: “Russiýa parahatçylyk söýüji bir döwletdir. Biziň hüjümçi meýilnamalarymyz bolmady, bolmaz. Biziň daşarky syýasatymyz gyzyklanýan ähli ýurtlary bilen kreatiw hyzmatdaşlyk edýär. Ine şol sebäpli dünýädäki 59 ýurtdan 87 synçy bu türgenleşigi synlaýar” diýdi.

Wostok-2018 atly harby türgenleşige 300 müňe golaý esger, 1 müňden gowrak uçar, dikuçar, uçarmansyz howa ulagy, 36 müňe golaý taňk, sowutly we beýleki harby tehniki ulaglar bilen 80-e golaý gämi gatnaşýar.

Wostok-2018 atly harby türgenleşik SSSR zamanynda 1981-nji ýylda geçirilen "Zapad-81" atly türgenleşikden bäri Russiýanyň taryhyndaky iň ýokary gatnaşykly harby türgenleşik bolar.



Degişli Habarlar