ABŞ-ni Günorta Aziýada kyn günler garaşýar

Strategiýa ekspertlerine görä Amerikanyň Birleşen Ştatlaryny Günorta Aziýada kyn günler garaşýar

1045919
ABŞ-ni Günorta Aziýada kyn günler garaşýar

Strategiýa boýunça hünärmenler ABŞ-niň Döwlet sekretary Maýk Pompeo we Baş ştabyň başlygy Jozef Danfordyň Pakistana we Hindistana guran saparlaryn barada beýanat berdiler.

Hünärmenler sebitdäki täsirini ýitirmek islemeýän Waşingtonyň, ylalaşykly dil ulanmagyna garamazdan kyn günleri başdan geçirjekdigini belleýärler.

Hünärmenler Amerikan hökümetiniň Pakistan bilen gatnaşyklaryny gözden geçirmelidigini we Hindistan bilen hyzmatdaşlyk etmelidigini belleýärler.

Ak Tamyň, Pakistanyň Hytaýyň täsirine girmeginden gorkýandygyny, Hindistanyň bolsa Eýrandan nebit we tebigy gaz almagyndan biynjalyk bolýandygyny nygtaýarlar.

Hünärmenlere görä resmi Waşington, Pakistan we Hindistan bilen baglanşykly ozalky pozisiýasyndan ýüz öwürmäge mejbur galdy.

Hünärmenler ABŞ-niň Aziýada çetleşdirilmeginiň Owganystanda kemçilikler ýüze çykarjakdygyny belleýärler.



Degişli Habarlar