Idlibde hassahana hüjüm guraldy

Siriýada Idlib dartgynlygy azaltmak zolagynda Asada tabynlykdaky güýçlere degişli bir dikuçar hassahana barrel bombasy bilen hüjüm gurady

1046048
Idlibde hassahana hüjüm guraldy

Idlibiň günortasyndaky Has obasynda ýerleşýän Haýat Nabzy atly hassahana guralan hüjümde adam ýitgisi çekilmedi, emma hassahana hyzmat bermegini bes etdi.

Russiýa we Asada tabynlykdaky güýçlere degişli harby uçarlar we dikuçarlar, düýn günüň dowamynda Idlibiň günortasyndaky Marratinnuman etrabyna, Habit etrapçasyna, Sirje, Huweýin, Abidin we El Hülübbe obalary bilen Hamanyň demirgazygyndaky Latamne etraplaryndaky ýaşaýyş ýerlerine, harby oppozisiýanyň we Asada garşy bolan harby toparlaryň ýerlerine hüjüm gurady.

Alynan maglumata görä howa hüjümleriniň netijesinde Abidinde 4 adam, El Hülübbede 1 we Sireje obasynda 2 bolmak bilen jemi 7 asuda raýat ýogaldy, 7 adam bolsa ýaralandy.

Alynan maglumata görä 8 günde Idlibiň günbatarynda, günorta-günbatarynda we Hamanyň demirgazygyna guralan howa we gury ýer hüjümlerinde asuda ilatdan 28 adam ýogaldy, azyndan 51 adam ýaralandy.

Hamanyň demirgazygyndaky Keferzita etrapçasynda ýerleşýän raýat goranyş merkezine guralan howa hüjüminiň netijesinde merkez hyzmat bermegini bes etdi.


Etiketkalar: #Siriýa , #Idlib , #hassahana , #Hama

Degişli Habarlar