Russiýa: “Kislorod ýetmezçiligine sebäp bolan deşik sabotaž bolup biler” diýdi

Russiýa, Halkara Emeli hemra bekedinde kislorod ýetmezçiligine sebäp bolan deşigiň sabotaž bolup biljekdigini nygtady

1043811
Russiýa: “Kislorod ýetmezçiligine sebäp bolan deşik sabotaž bolup biler” diýdi

Rus resmiler kislorod ýetmezçiligine sebäp bolan deşigiň adamyň eli bilen, bilkastlaýyn ýagdaýda edilen bolup biljekdigini belleýärler.

Russiýanyň Roskomos agentliginiň şefi Dmitriý Rogozin ady geçen deşige bir dreliň sebäp bolandygyny we onuň bilkastlaýyn ýagdaýda edilen bolup biljekdigini habar berdi.

Gerek bolan derňewiň dowam edýändigini aýdan Rogozin, deşigiň gurulýan mahaly ýa-da älem giňişliginde astronawtlar tarapyndan açylan bolup biljekdigini mälim etdi.

Ähli wariantlary gözden geçirýändiklerini aýdan Rogozin, modula bekediň içinden zeper ýetendigi sebäpli, deşigiň bir asman jisimi sebäpli bolan bolmagy ýaly ähtimallygy ortadan aýyrandyklaryny beýan etdi.

NASA ozal astronawtlary Halkara Emeli hemra bekedine daşaýan modullaryň birinde kislorod ýetmezçiliginiň bardygyny habar beripdi.

Kislorod ýetmezçiligine asman jisiminiň sebäp bolandygy mälim edilipdi.

Emeli hemra bekedindäki astronawtlar kislorodyň çykmagynyň öňüni almak üçin leýkoplastyr we barmaklaryny ulanypdylar.



Degişli Habarlar