Rus harby uçarlar Siriýanyň Hama we Idlib welaýatlatyny bombalaýar

Russiýa degişli harby uçarlar Siriýanyň Hama we Idlib welaýatlarynda asuda ilatyň ýaşaýyş ýerlerine we harby oppozisiýanyň söwşjeň liniýalaryna hüjüm gurady

1044615
Rus harby uçarlar Siriýanyň Hama we Idlib welaýatlatyny bombalaýar

Rus harby uçarlar şu gün günortan Hama welaýatynyň demirgazygyndaky Kefer Zita etraby bilen Idlibiň günortasyndaky Temeniýa etrapçalaryndaky asuda ilatyň ýaşaýyş ýerlerine we harby oppozisiýanyň söwşjeň liniýalaryna howa hüjümini gurady.

Idlibiň Raýat goranyş müdüri Mustafa Haj Ýusuf beren beýanatynda: “Idlibiň Temeniýe etrapçasyndaky Raýat goranyş merkezi nyşana alyndy. Merkezimize zeper ýetdi we hyzmat bermegini bes etdi” diýdi.

Hüjümde ýogalan ýa-da ýaralanan adamlaryň bolmandygy barada maglumat berilmedi.

Beýleki tarapdan oppozisionerlere degişli awiasia obserwatoriýasynyň resmileri sosial media hasaplaryndan howa hüjümleri bilen bagly beren beýanatlarynda: “Hymeýmim harby bazasyndan uçan 6 rus uçary Hama we Idlibiň günortasyndaky asuda ilatyň ýaşaýyş ýerlerine we harby oppozisiýanyň söwşjeň liniýalaryna howa hüjümini gurady” diýip bellediler.

Harby uçarlaryň hüjümleri dowam edýär.

Rus harby uçarlar 2 gün ozal Idlibiň günbataryna, günorta-günbataryna we Hama welaýatynyň demirgazygyna howa hüjümlerini gurapdy. Bu hüjümlerde asuda ilatdan 10 adam ýogalypdy, 20 adam ýaralanypdy.


Etiketkalar: #Russiýa , #Hama , #Idlib

Degişli Habarlar