Donald Tramp Kanada hemle atdy

ABŞ-niň Prezidenti Donald Tramp, Kanada bilen söwda gepleşikleriniň dartgynly geçendigini belläp: “Eger gepleşiklerden netije alynmasa, bu biziň ýurdumyz üçin gowy bolar, emma Kanada üçin gowy bolmaz” diýdi

1044205
Donald Tramp Kanada hemle atdy

Kuweýdiň Emiri Şeýh Sabah bilen Ak Tamda duşuşyk geçiren Tramp, gepleşikden ozal Owal ofisde metbugat işgärlerine gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýanat berdi.

Tramp ABŞ we Kanadanyň wekiliýetleriniň arasynda düýn başlan söwda gepleşikleriniň dartgynly geçendigini nygtap, Kanada bilen ylalaşyk gazanylman halatynda ýurdunyň zyýan çekmejekdigini habar berdi.

Bular ýaly ýagdaýda bolsa Kanadanyň has köp zat ýitirjekdigini öňe süren Tramp: “Eger gepleşiklerden netije alynmasa, bu biziň ýurdumyz üçin gowy bolar, emma Kanada üçin gowy bolmaz” diýdi.

ABŞ, Kanada we Meksikanyň arasynda 24 ýyl ozal gazanylan Demirgazyk Amerika Erkin söwda ylalaşygy NAFTA-ny ýene-de bir gezek örän akylsyz bir ylalaşyk hökmünde häsýetlendiren Tramp, geçen ýyl ýaňadandan gepleşikler üçin açan ylalaşygyň täze görnüşiniň Kanadany öz düzümine almazlygynyň mümkindigini mälim etdi.



Degişli Habarlar